20-nji martda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Çäre sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam edip, tennis sportuny wagyz etmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek hem-de ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek maksady bilen guralýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi ilatyň sport işjeňligine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna we ýaşlaryň yzygiderli sport bilen meşgullanmagyna ýardam edýär.
Maksatnamanyñ çäklerinde aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
– alty oýunçynyň gatnaşmagynda görkezme duşuşygy;
– tennis oýnunyň esasy tehniki usullarynyň görkezilmegi;
– hünärmen tälimçiniň ýolbaşçylygynda ussatlyk sapagy;
– söwda merkezine gelen myhmanlaryň tennis oýnap görmek mümkinçiligi.
Çäräni geçirmek üçin göçme tennis torunyň oturdylmagy, şeýle hem zerur sport enjamlarynyň – tennis raketkalarynyň, toplaryň we türgenleşik serişdeleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Ussatlyk sapagynyň geçirilmegi söwda merkezine gelýänleriň ünsüni tennis sportuna çekmäge, olimpiadanyň dünýäde giňden ýaýran bu sport görnüşini wagyz etmäge hem-de myhmanlara ýatdan çykmajak sport çäresini sowgat etmäge mümkinçilik berer.