Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň paýtagtynda AFK zenan futboly güni bellendi

Paýtagtyň sport durmuşynda möhüm bir waka bolup geçdi: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdançasynda Aziýa futbol federasiýasynyň zenan futboly gününeAFC Womens Football Day 2026 – bagyşlanan dabaralar geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Halkara zenanlar gününe gabatlap geçirilen bu uly möçberli sport çäresini Türkmenistanyň Futbol federasiýasy gurady. Çäräniň esasy maksady zenanlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge, şeýle hem ýaş nesliň futbola bolan höwesine itergi bermäge gönükdirildi.

Çärä, takmynan, 200 ýaş sport söýüjisi gatnaşdy. Bu bolsa olar üçin Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndy toparynyň oýunçylary bilen birlikde meýdança çykmaga özboluşly mümkinçilik döretdi. Hünärmen futbolçylar dürli sport bäsleşiklerinde we ýörite maşklarda öz başarnyklaryny görkezip, ýaşlara tejribelerini öwretdiler.

Festiwalyň maksatnamasyna topa erk etmek endigini, sazlaşykly we toparlaýyn hereket etmegi barlamak üçin niýetlenen tehniki dersler girizildi. Baýramçylyk howasy diňe bir sport joşgunyny däl, eýsem, festiwala gatnaşmak üçin şäheriň dürli bilim edaralaryndan gelenleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem pugtalandyrdy.

Çäräniň üstünlikli geçirilmegi degişli guramalaryň arasyndaky sazlaşykly hyzmatdaşlygyň netijesi boldy. Sylaglama dabarasyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Festiwalyň ahyrynda tapawutlanan sportçylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.