Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Zehin bäsleşikleri üstünlikleriň başlangyjy

Häzirki döwürde başarjaň, kämil hünärmenleri ýetişdirmek işlerine aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Soňky gazanylan täze tehnologiýalar bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze toplumlary gurulýar.

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigi geçirilýär. Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begmuhammet Esenow “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň etrap tapgyryna gatnaşyp 3 orna mynasyp bolmagy başardy.

Okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, geljekde döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine güwä geçýär.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň taryh mugallymy