Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary bilen duşuşar

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary meşhur portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu we dünýä futbolynyň beýleki ýyldyzlarynyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşar. Şeýle netijeler Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekilişiniň jemleri boýunça belli boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bu toparlaryň arasyndaky iki oýunly duşuşygyň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) we «Al-Wasl» (BAE) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar. Günbatar zolagynyň beýleki çärýek finalynda bolsa «Foolad Mobarek Sepahan» (Eýran) we «Al-Ahli» (Katar) hem-de «Esteglal» (Eýran) we «Al-Hussein» (Iordaniýa) toparlarynyň ýeňijileri bäsleşer.

Gündogar zolagynda bije çekilişiň netijesinde aşakdaky toparlar biri-biri bilen duşuşarlar:

«Pohang Steelers» (Koreýa Respublikasy) – «Gamba Osaka» (Ýaponiýa),

«Ratchaburi» (Tailand) – «Persib Bandung» (Indoneziýa),

«Bangkok United» (Tailand) – «Macartur» (Awstraliýa),

«Cong An Hanoi» (Wýetnam) – «Tampines Rovers» (Singapur)

Günbatar zolagynda 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 17-18-nji fewralda geçiriler. Gündogar zolagynda ilkinji duşuşyklar 11-12-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 18-19-njy fewralda geçiriler.

«Arkadag» topary bilen «Al-Nasr» toparynyň ilkinji duşuşygy Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa Saud Arabystanynda geçiriler.