Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Leýla Şöhradowa we Amanmuhammet Hommadow Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşynyň ýeňijileri boldular

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow Aşgabatda tamamlanan Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) Gran-pri ýaryşynyň final tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ýaryş 32 küştçini — açyk toparda 16 we zenanlaryň toparynda 16 küştçini jemläp, olar olimpiýa ulgamy boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlar FIDE-niň halkara görkezijisiniň hasaplanmagy bilen geçirildi. Final tapgyrynyň ýeňijileri diňe bir abraýly orunlara däl, eýsem, ýaryşyň esasy baýraklaryna — 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanmalara hem mynasyp boldular.

Leýla Şöhradowa goşmaça oýunlara (taý-breýklere) garaşman, zenanlaryň toparynda ynamly ýeňiş gazandy. Ol ähli garşydaşlaryny ýaryşyň esasy nusgawy görnüşinde ýeňmegi başardy, diňe ýarym finalda Jennet Ýalkanowa bilen bir gezek deňme-deň oýnady.

Kümüş baýraga Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa mynasyp boldy.

Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy G.Seýilhanowa ýaryşyň ähli tapgyrlarynda diýen ýaly özüniň tutanýerli häsiýetini görkezmeli boldy. Gülmira üçünji orun ugrundaky duşuşyga çenli baryp ýetdi we polat ýaly berk nerwleri arkaly ýeňiş gazandy.

Kümüş medala Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şageldi Gurbandurdyýew üçünji orun ugrundaky duşuşykda Azym Saryýewi ynamly ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy.