Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklaryny hem-de awtoulaglary gowşurdy

15-nji dekabry hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.

Baýraklar halkara Olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylara we talyplara, şeýle hem olaryň mugallymlaryna gowşuryldy. Şeýle-de halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji we baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerine hem-de olary halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlan tälimçilere gymmat bahaly sowgatlar we pul sylaglary berildi.

Bellenen tertibe laýyklykda, üçünji orny eýelänlere 40 müň manat, ikinji orny eýelänlere 70 müň manat, birinji orny eýelänlere bolsa 100 müň manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy.

Halkara sport ýaryşlarynda altyn medallary gazanan ýeňijiler goşmaça 2025-nji ýylda öndürilen “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglandy.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar sporty ösdürmäge hem-de ýaşlara goldaw bermäge hemişe aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.