Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

ÝEŇIŞLI MENZILLER

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan  ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum sährasynyň gözel künjegi – Gökdepe hem-de Bäherden etraplarynyň çägi boýunça 206 kilometrlik menzili külterlediler. Oňa 12 ekipaž gatnaşdy.

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasynda T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowyň ekipažy pellehanadan birinji bolup geçdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýewiň topary 2-nji, Içeri işler ministrliginiň türgeni Süleýman Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ekipaž 3-nji orunlary eýelediler.

«Türkmen sporty» gazeti