Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Tailandyň Çonburi şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynda Maldiwleri adalarynyň ýygyndy toparyny 6:0 hasabynda utmak bilen ilkinji ýeňşini gazandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmen topary duşuşygy hüjüm bilen başlady we eýýäm 9-njy minutda Medet Muhammetmyradowyň salan goly netijesinde öňe saýlandy. Dokuz minut soňra Ahmet Allaberdiýewiň şägirtlerine jerime urgusyna hukuk berildi, ýöne Süleýmannazar Gowşudowyň on bir metrden amala aşyran urgusyny Mohammed Musa ussatlyk bilen yzyna gaýtardy. 38-nji minutda bolsa ol derwezäniň daşyndan geçip gider öýdüp, Dessan Jumanyýazowyň jerime meýdançasynyň daşyndan uran topuna pitiwa etmedi, netijede Türkmenistanyň topary arakesmä 2:0 hasap bilen çykdy.
52-nji minutda Süleýmannazar Gowşudow hasap tapawudyny üçe ýetirdi. Ýedi minutdan soň bolsa Hudaýnazar Meredow dördünji goly saldy.
Oýna täze giren Şamyrat Şamyradow 76-njy we 90-njy minutlarda gol salmak bilen, garşydaş topary ýeňlişe sezewar etdi.
Ikinji tapgyryň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýetginjekler topary Mongoliýanyň ýetginjekler toparyny uly hasap bilen 4:0 edip utdy.
Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň «F» toparçada Kuweýtiň, Türkmenistanyň, Tailandyň we Mongoliýanyň ýygyndy toparlarynyň her biriniň üç utugy bar, ýöne Tailandyň topary bir oýun az oýnapdyr. Maldiw adalarynyň ýygyndy toparynyň heniz utugy ýok.
Ýatlama: 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyryna ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşýar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 22 – 30-njy noýabry aralygynda ähli toparlarda merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda geçiriler.
Ýaryşyň 2026-njy ýylyň 7 – 24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek final tapgyryna toparlaryň ýeňijileri çykarlar. Bäsleşigiň soňky tapgyrynda olar 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçiriljek FIFA-nyň dünýä çempionatyna göni ýollanma alan dokuz AFK-nyň wekilleriniň toparyna – Katara, Özbegistana, Saud Arabystanyna, Koreýa Respublikasyna, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna, Ýaponiýa, Täjigistana, Birleşen Arap Emirliklerine we Indoneziýa goşularlar.