Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sport ýaryşlary ýaş türgenleriň kämilleşmegini üpjün edýär

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän esasy gymmatlykdyr. Şundan ugur alnyp 14-15-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrunda 23 ýaşa çenli (U-23) ýaşlaryň arasynda sportuň grek-rim göreşi, boks boýunça açyk çempionat geçirildi.

Grek-rim göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Serdarow Musa 63 kg agramda çykyş edip 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Abdyýew Saparmuhammet 55, Ysmaýyl Kyýasow 60, Babur Kemalow 63, Ahmet Usmanow 80, Emir Bekdurdyýew 82, Ýusup Hojanazarow 77 kg agramda çykyş edip ikinji orny eýelediler.

Boks boýunça geçirilen ýaryşlarda Alihan Goçkulyýew, Baýram Rejepow, Muhammetaly Annageldiýew dagylar - I orna, Emir Döwletgeldiýew, Jeýhun Orazbaýew, Annadurdy Kulyýew, Ahal Söýegow, Muhammet Döwletow dagylar bolsa 2-nji orna mynasyp boldular.

Şeýle-de 8-9-njy noýabr aralygynda Lebap welaýatynda 2011-2013 nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň dzýudo boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda Miwe Rowajowa, Azat Akmyradow, Arslan Rustamow dagylar - 1-nji orna, Begenç Ýagşyýew 2-nji orna, Hasan Begenjow bolsa, 3-nji orna mynasyp boldular.

Guralýan bu sport ýaryşlary türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna çykmagy üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň taryh mugallymy