Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen klublary AFK-2 Çempionlar Ligasynda katarly we eýranly garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar

AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn ýaryşynyň dördünji tapgyry türkmen futbol klublary bolan «Arkadag» we «Ahal» toparlary üçin deňme-deň tamamlandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«B» toparda çykyş edýän Türkmenistanyň häzirki çempiony geçen möwsümiň jemleri boýunça Kataryň Ýyldyzlar Ligasynda (iň ýokary bölümde) dördünji orny eýelän «Al-Ahli» toparyny «Arkadag» stadionynda 10 müň tomaşaçynyň goldawy bilen kabul etdi.

«Arkadag» topary ilkinji minutdan depginli hüjüme başlady. Şeýle-de bolsa, tejribeli «Al-Ahli» oýnuň hörpüni ele aldy we 23-nji minutda hasaby açdy. Goly Belgiýanyň «Anderleht» we Gollandiýanyň «Twente» toparlaryndaky oýunlary bilen tanalýan 28 ýaşly niderland oýunçysy Mihel Wlap saldy. Ol Welmyrat Ballakowyň aýagyndaky topy alyp, derwezäniň aşaky uzak burçuna jaýdar urdy.

«Arkadag» topary 26-njy minutda 31 ýaşly horwatiýaly oýunçy Mateý Mitrowiçiň öz derwezesine salan goly netijesinde ýeňlişden halas boldy. Ol Arzuwguly Sapargulyýewiň sag gapdaldan uran topuny kellesi bilen öz derwezesine gönükdiripdi.

Oýnuň ikinji ýarymy «Arkadag» toparynyň göz-görtele artykmaçlygynda geçdi, olar ýeňiş gazanmak üçin köp tagalla etdi, emma myhmanlar 1:1 hasabyndaky deňligi elde saklamagy başardylar.

Şol bir wagtda, Bahreýniň Arad şäherinde geçirilen başga bir oýnunda ýerli «Al-Haldiýa» topary «Al-muharrak» stadionynda 244 tomaşaçynyň öňünde Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Bu oýunlardan soň ýaryş jedwelinde aşakdaky ýaly ýagdaý ýüze çykdy: «Al-Ahli» topary 5 oýundan soň 7 utuk, «Al-Haldiýa» topary 5 oýundan soň 6 utuk, «Andijon» topary 4 oýundan soň 4 utuk, «Arkadag» topary bolsa 4 oýundan soň 3 utuk toplady.

«Al-Ahli» topary oýunda 2 utuk ýitiren hem bolsa, «Arkadag» toparynyň pleý-offa çykmak mümkinçiligi bar.

Ýatlama: 1/8 finala toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy iki topar çykar. «Arkadag» topary indiki oýnuny 26-njy noýabrda myhmançylykda «Andijon» topary bilen geçirer, 24-nji dekabrda boljak jemleýji ýaryşda bolsa öz stadionynda «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder.

Başga bir türkmen topary, ýagny «Ahal» topary «C» toparyň dördünji tapgyrynda Yspyhanda Eýranyň «Sepahan» topary bilen oýnady. Malaýziýaly FIFA emini Razlan Joffri Aliniň eminlik eden bu oýny «Nägş-e jähan» stadionynda 8050 tomaşaçynyň öňünde bolup geçdi.

Welsähet Öwezowyň şägirtleri 9-njy minutda Araş Rezawandyň jerime meýdançasyndan uran takyk urgusy zerarly çalt gol goýberen hem bolsalar, ruhdan düşmediler we arakesmeden öň hasaby deňlediler ‒ 1:1. 27-nji minutda Alibek Abdyrahmanow eýranlylaryň şowsuz uran topuny tutdy, goragçyny aldap, garşydaşyň jerime meýdançasyna geçip, topy merkeze – Süleýman Mirzoýewe geçirdi, oňa bolsa diňe topy derwezä salaýmak galdy.

Oýnuň ikinji ýarymynyň ortalarynda bolsa «Ahal» topary 2:1 hasabynda anyk öňe geçdi. 62-nji minutda türkmen toparynyň kapitany Elman Tagaýew jerime meýdançasyndan Bagtyýar Gürgenowa ýokardan ajaýyp top geçirdi, ol-da topy kellesi bilen urup, derwezeçi Hosseýn Hosseýniniň duşundan geçirdi.

65-nji minutda emin Azat Rahmanowy oýundan çykardy. Ol ispaniýaly oýunçy Iwan Sançese garşy gödek hereketi üçin ikinji sary karty alypdy. Emma şondan soň, azlykda galan hem bolsa, «Ahal» topary türkmen klubyna pleý-offa çykmak mümkinçiligini berýän ýeňiş hasabyny elde saklamak umydy bilen tejribeli garşydaşyna garşy jan aýaman göreşdi.

Hasap myhmanlaryň peýdasyna 2:1-kä, emin oýnuň ikinji ýarymyna alty minut wagt goşdy. Emma goşmaça wagtyň gutarmagyna 11 sekunt galanda, Mohammad Askari Ari Ýusefiniň sag ganatdan iberen ajaýyp topuny derwezäniň ýokarky burçuna uran takyk urgusy bilen «Sepahan» toparyny ýeňlişden halas etdi.