Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» topary möhletinden öň futbol boýunça Türkmenistanyň üç gezek çempiony boldy

«Arkadag» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada bassyr üçünji gezek eýe boldy. Döwlet ähmiýetli şäheriň adyndan çykyş edýän bu topar milli birinjiligiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň duşuşygynda «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, möhletinden öň bu uly üstünlige eýe boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Oýun Aşgabat şäheriniň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň uly böleginde Türkmenistanyň wiseempiony myhman toparyň hüjümlerini saklamagy başardy. Ýöne 68-nji minutda duşuşygyň ykbalyny çözen ýeke-täk goly öz derwezesine goýberdi. Goly soňky iki çempionatyň iň netijeli oýunçysy Didar Durdyýew tora saldy. Häzir onuň hasabynda 21 pökgi, şol sanda 1 pökgi jerime urgudan bolup, ol mergenleriň arasynda ynamly öňde barýar.

Şu ýeňişden soň 22 oýunda 66 utuk toplan «Arkadag» toparynyň futbolçylary galan bäsdeşler üçin elýetersiz boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredilipdi. Ol ilkinji gezek çykyş eden ýylynda goşa üstünlik gazandy, Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy we Kubogyny eýeledi. Döredileli bäri bu toparyň milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda ýekeje utuk hem ýitirmändigini bellemelidiris. Geçen ýyl «Arkadag» toparynyň futbolçylary trebl etdiler: milli birinjiligiň altyn medalyna goşmaça Türkmenistanyň Kubogyny we Superkubogyny hem goşdular. Ine, indi olar yzly-yzyna üçünji ýyl esasy milli baýragy eýelediler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 44 ýaşly ozalky tanymal hüjümçisi, Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde 2003-2004-nji ýylda Russiýanyň Kubogynyň eýesi we «Balkan» toparynyň düzüminde 2013-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi Wladimir Baýramow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi hökmünde bu üstünlige ýetirdi.