2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli “Gelejegimizi bilelikde gurýarys” atly köpçülikleýin sport marafony ýokary ruhubelentlik bilen geçirildi. Marafon ýaryşy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Arçabil şaýoly, Baky Bitarap Türkmenistan we Ahal köçeleriniň ugrynda, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Garaşsyzlyk, Mollanepes köçeleriniň ugrunda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Görogly, Bitarapalyk we Ruhnama köçeleriniň ugrynda, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza – Aeraport” awtomabil ýolunyň ugrynda 5 km aralykda guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen marafon ýaryşyna ýurdumyzyň her bir welaýatynda dürli ýaşdaky raýatlaryň 300-den gowragy gatnaşyp, umumylykda bu marafon 1600-den gowrak dürli ýaşly raýatlary özünde jemledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli sport ulgamy ýokary depginler bilen ösýär we ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn-durmuş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa, ilatyň ähli gatlaklarynda sporta bolan söýgüni döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG-niň jogapkärli strategik hyzmatdaşy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Şu ýyl iki şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy baýram edilýär.
Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen sport marafony bolsa sportuň saglyk üçin örän peýdaly bolup, öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde, iň gowy kömekçi bolup durýandygyna oňat düşündirýär. Ýurdumyzda milli we halkara baýramçylyk günlerine bagyşlanyp geçirilýän dürli derejeli köpçülikleýin sport çäreleri sagdyn durmuş ýörelgesini baýdak edinýän ýaş nesillerimiziň sagdynlyga, sporta we bagtyýarlyga bolan hyjuwyny goşalandyrýar.
Marafonynyň badalgasynda we ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasynda guralan aýdym-sazly tans, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bu sport baýramçylygynyň ruhubelentlik ruhuna has-da şowhun goşdy. Marafon ýaryşynda ýeňiji bolan ýaşlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sagdynlygy, bagtyýarlygy we ruhubelentligi özünde jemleýän sport marafonyna gatnaşyjylar ýurdumyzda adam hakda edilýän irginsiz aladanyň, adam saglygy barada alnyp barylýan işleriň sakasynda durup Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesi baradaky başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölümi