Azerbaýjanyň ýedi şäherinde: Genjede, Ýewlahda, Mingäçewrde, Gabalada, Şekide, Göýgölede we Hankendide 11 günläp dowam eden GDA ýurtlarynyň III oýunlaryny türkmen türgenleri iki sany bürünç medal bilen tamamladylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan toparyna birinji medaly Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow gazandy. Nursähet Pazzyýewiň 16 ýaşly şägirdi bu üstünlige dokuz boksçynyň gatnaşmagynda Ýewlah olimpiýa merkezinde geçen boks boýunça ýaryşda ilkinji ýeňil agram derejesinde (52 kg) çykyş edip ýetdi.
Ikinji bürünç medaly grek-rim göreşi boýunça pälwan Aslan Agadadaýew 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy, bu ýaryşda medallar ugrunda bäş türgen bäsleşdi. Ilkinji tutluşykda pälwanymyz azerbaýjanly Rauf Mutallimowy 2:0 hasabynda ýeňdi, soň bolsa ýaryşlaryň geljekki ýeňijisi russiýaly Dmitriý Koçurowdan 0:3 hasabynda ýeňildi. Üçünji bäsleşikde Agadadaýew belarusly Daniil Maslakowy 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, emma mundan soň ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi bolan özbegistanly Saýidamir Nematowdan 1:5 hasabynda utulyp, üçünji orny eýeledi.
Şu ýylyň başynda türkmen-türk orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aslan Agadadaýew Wýetnamyň Wungtau şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda grek-rim göreşi boýunça bürünç medal gazanypdy.
GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda 13 ýurtdan baran 23 ýaşa çenli 1624 türgen çykyş edip, 23 ugur boýunça 246 medal ugrunda bäsleşdi.