Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu üç günlük foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, raýatlarymyzyň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri-de öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy we gurulýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, olary anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň adyndan ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryna zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek»awtoulaglary, dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys, gazanylan öňdebaryjy tejribeleri işe ornaşdyrýarys. Saglygy goraýşyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, giň gerimli milli maksatnamalary we kanunlary kabul edýäris.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede ulanmak, olaryň ösüşini üpjün etmek we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris.
Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara gatnaşyklaryň gerimini hem giňeldýäris. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga kämil usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklarymyzy has-da işjeňleşdirýäris. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Biz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda-da uly tagallalary edýäris. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralaryny hem gurýarys. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleri alyp barýarys. Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurmagy dowam etdirýäris.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys.Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berýäris. Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda köpugurly bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary we beýleki sport maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.
Türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik maksatlaryny goldamaga amatly şertleri döredýär.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW