Daşoguzda tamamlanan küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň nobatdaky tapgyryna 128 küştçi gatnaşdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bäsleşik şweýsar ulgamy boýunça nusgawy görnüşinde 9 tapgyrda geçirildi. Her oýunça ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekunt goşulmagy bilen, ähli oýun üçin 90 minut wagt berildi.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda 85, zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa 43 küştçi iň güýçli derejäniň eýesi bolmak ugrunda bäsleşdiler.
Ýaryş halkara FIDE görkezijisiniň hasaba alynmagy bilen geçirilip, bu hem netijeleri has-da ähmiýetli edýär hem-de gatnaşyjylara has ýokary halkara üstünliklere ýol açýar.
Soňky ýyllarda erkekler bilen bir hatarda zenanlaryň hem gatnaşmagyna rugsat berilýän we höweslendirilýän açyk toparda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew birinji orny eýeledi. Ol 9 utukdan 8 utuk toplap, ikinji we üçünji orunlary eýelän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadowdan hem-de Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Şahruh Turaýewden bir utuk öňe geçdi.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil taýýarlygy fakultetiniň talyby Leýla Şöhradowa mümkin bolan 9 utukdan 9-syny toplap, doly ýeňiş gazandy. Ondan 1,5 utuk yza galan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa ikinji orny eýeledi. Baýrakly üçünji orna bolsa 6,5 utuk bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Aýşa Gubataýewa mynasyp boldy.
Gran-pri ýaryşynyň indiki tapgyrlary Türkmenbaşy we Mary şäherlerinde geçiriler. Bu ýerlerde hem birinjilik ugrunda ýiti we gyzykly göreşlere garaşylýar.
Final tapgyry paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriler. Onuň netijesinde, açyk we zenanlar toparynyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň ýokary ligasyna gönüden-göni ýer alyp, halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň düzümi emele getiriler.