Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen dzýudoçylary Almatyda ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda alty medal gazandylar

Türkmenistanly dzýudoçylar Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynda üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň ilkinji gününde ildeşlerimiz üç medal gazandylar. Kümüş medala Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň türgeni Medine Oraznyýazowa, bürünç medallara bolsa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nuriýa Pardaýewa we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby 20 ýaşly Gurbanaý Gurbanowa mynasyp boldy.

Medine Oraznyýazowa kümüş medaly 5 ýurtdan 21 türgeniň bäsleşen 57 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda gazandy. Nuriýa Pardaýewa we Gurbanaý Gurbanowa dagy 48 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda bürünç medal gazandy.

Ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça geçirilen Aziýa Kubogynyň ikinji gününde türkmen dzýudoçylary ýene iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ikinji ýyl talyby 20 ýaşly Agajan Aýhanow we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby 20 ýaşly Baýmyrat Mätjanow, üçünji basgançagyna bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Oguljan Ruslanowa çykdy.

Agajan Aýhanow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip kümüş medalyň eýesi boldy, bu agram derejesindäki ýaryşda 6 ýurtdan gelen 31 dzýudoçy bäsleşdiler. 4 ýurtdan gelen 14 dzýudoçynyň bäsleşen 100 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda hut şunuň ýaly üstünligi Baýmyrat Mätjanow-da gazandy. Oguljan Ruslanowa 5 ýurtdan gelen 17 türgeniň Aziýa Kubogy ugrunda bäsleşen 70 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň ýygyndy topary ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogy – 2025-iň netijeleri boýunça, 3 kümüş we 4 bürünç bolmak bilen, 7 medal gazandy. Ondan öň bürünç medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Käkilik Derýaýewa gazanypdy.

Almaty şäherinde dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogy 11 ýurtdan: Azerbaýjandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Russiýadan (IJF baýdagy astynda çykyş etdi), ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 785 türgeni bir ýerde jemledi. Biziň milli toparymyz bu ýaryşlara 31 dzýudoçy bilen gatnaşdy.