Wýetnamyň Wuňtau şäherinde 15 ýurduň gatnaşmagynda 23 ýaşa ýetmedik sportçularyň arasynda geçen Aziýa ýaşlar çempionatynda erkin we grek-rim göreşi boýunça türkmen pälwanlary bir kümüş we üç bürünç medal gazandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bäsleşige Wýetnamdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, KHDR-den, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Singapurdan, Täjigistandan, Taýlanddan, Hytaý Taýpeýden, Türkmenistandan, Özbegistandan we Şri-Lankadan 200-den gowrak pälwan gatnaşdy, olar sport göreşiniň üç – erkin, grek-rim we aýallar – olimpiýa görnüşi boýunça 10 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.
Ildeşlerimiz erkin göreşde bir kümüş we iki bürünç bolmak bilen, üç medal gazandylar.
Kümüş medala Türkmen Döwlet maliýe institutynyň birinji ýyl talyby Alp Arslan Begenjow mynasyp boldy. “Iň güýçli” diýen at ugrunda 9 sportçynyň gatnaşan bu ýaryşynda asly aşgabatly 18 ýaşly halkara derejesindäki sport ussady bu üstünligi 79 kilograma çenli agram toparynda gazandy.
Türkmenistan toparynda U23 Aziýa çempionatynyň erkin göreş boýunça bürünç medallaryny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Watan Annaorazow (74 kg çenli) we Türkmen döwlet maliýe institutynyň üçünji ýyl talyby Soltan Sanjar Begenjow (86 kg çenli) dagy gazandy.
Aziýa U23 çempionatynyň ýene bir bürünç medalyny grek-rim göreşinde toparymyzdan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Didar Orazberdiýew gazandy. Ol bu üstünlige 8 sportçynyň çykyş eden bäsleşiginde 72 kilograma çenli agram toparynda ýetdi.