Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy saýlama ýaryşyna bije çekişlikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiň we Butanyň milli ýygyndy toparlary diýlip kesgitlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bijeden öň 44 topar öňki üç Aziýa Kubogy ýaryşynda görkezen netijelerine görä utuklary boýunça final görkezijä görä bäş sebede bölündi.
2022-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynda çärýek finala çykyp, taryhy üstünlik gazanan toparymyzyň netijelerine görä Türkmenistanyň topary ilkinji gezek Kuweýt, Eýran, Malaýziýa, Bahreýn, Palestina, Siriýa we Ýemen bilen bilelikde ikinji sebede düşdi. Oňa düşen toparlar 11 saýlama toparça bölündi, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 9-njy sentýabry aralygynda 11 ýurtda olaryň merkezleşdirilen duşuşyklary geçiriler. Türkmenistanyň topary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiň we Butanyň toparlary bilen «A» toparça düşdi. Bu toparçadaky duşuşyklar Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler.
Türkmen futbolçylary 3-nji sentýabrda ilkinji duşuşygyny Hytaý Taýpeýiň toparyna garşy geçirer, 6-njy sentýabrda Butanyň topary bilen duşuşar we saýlama ýaryşyny 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň topary bilen jemlär.
Beýleki saýlama toparçalarda:
«B»: Ýaponiýa (Aziýanyň iki gezek çempiony), Kuweýt, Mýanma (meýdança eýesi), Owganystan;
«C»: Wýetnam (meýdança eýesi), Ýemen, Singapur, Bangladeş;
«D»: Awstraliýa, Hytaý Halk Respublikasy (meýdança eýesi), Gündogar Timor, Demirgazyk Mariana adalary;
«E»: Özbegistan (2018-nji ýylda Aziýanyň çempiony), Palestina, Gyrgyz Respublikasy (meýdança eýesi), Şri-Lanka;
«F»: Tailand (meýdança eýesi), Malaýziýa, Liwan, Mongoliýa;
«G»: Yrak (Aziýa Kubogynyň ilkinji ýeňijisi), Kamboja (meýdança eýesi), Oman, Pakistan;
«H»: Katar (meýdança eýesi), Bahreýn, Hindistan, Bruneý;
«I»: BAE (meýdança eýesi), Eýran, Gonkong, Guam;
«J»: Koreýa Respublikasy (2020-nji ýylda Aziýanyň çempiony), Indoneziýa (meýdança eýesi), Laos, Makao;
«K»: Täjigistan (meýdança eýesi), Siriýa, Filippinler, Nepal çykyş ederler.
Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän güýçli dört ýygyndy topar 2026-njy ýylyň 7–25-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanynda ilkinji gezek geçiriljek Aziýa Kubogynyň finalyna gatnaşarlar. Saud Arabystanyň ýaşlar topary meýdança eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna gönüden-göni gatnaşýar.