Soňky habarlar

Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bu sport çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.