Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyzda geçirilýän ajaýyp sport baýramçylyklary dünýäde Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň beýanydyr. 22 – 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy hem bu hakykatyň dabaralanmasyna öwrüler.
Halkara ýaryşy guramaçylykly geçirmek boýunça tassyklanan meýilnamalarda bellenen taýýarlyk işleri öz wagtynda hem-de ýokary derejede ýerine ýetirildi. Şunlukda, 22-nji aprelde paýtagtymyzyň myhmanlarynyň, türgenleriň Aşgabat şäherine gelmegine garaşylýar. Türkmen paýtagtyna geljek myhmanlar Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdiriler. Mundan başga-da, şol gün halkara ýaryşyň eminleri hem-de hünärmenleri üçin halkara okuw-maslahat geçirmek, milli göreş boýunça ähli agram derejeleri üçin resmi bije çekişligi guramak göz öňünde tutulýar. Milli göreş boýunça ýaryşlar diňe erkekleriň arasynda agramlaryň 8-si boýunça guralar. Pälwanlar 57, 62, 68, 75, 82, 90, 100 we 100-den ýokary kilogram agram derejelerinde bäsleşerler. Milli göreş boýunça deslapky tutluşyklar 23-nji aprelde badalga alar. Halkara ýaryşyň açylyş dabarasy hem şol gün bolar. Sport baýramçylygynyň şol ajaýyp gününde milli göreş boýunça ýarym final hem-de final tutluşyklary-da ýaýbaňlandyrylar. Şondan soň bolsa Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dabaraly ýagdaýda milli göreş boýunça ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanar.
24-nji aprelde guşakly alyş göreşi boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky deslapky tutluşyklar başlanar. Erkekler 60, 70, 80, 90, 100 we 100-den ýokary kilogram agram derejelerinde, zenan türgenler bolsa 55, 60, 65, 70 kg agramlarda göreşerler. Bu görnüşden ýarym final hem-de final duşuşyklary şol günüň ikinji ýarymynda geçiriler. Günüň ahyrynda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak dabarada bolsa alyş göreşi boýunça ýaryşyň ýeňijileri sylaglanar.
«Türkmen sporty» gazeti