Soňky habarlar

Türkmen tennisçisi Saud Arabystanyndaky ýaryşda altyn we kümüş medallary gazandy

Saud Arabystanynda geçen halkara ýaryşda 13 ýaşly türkmen tennisçisi Süleýman Hudaýberdiýew iki gezek hormat münberine çykdy. Ýaryşlar Jiddada Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi. Oňa 13 ýurtdan 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň 36-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ýekelikde çykyş etmekde ildeşimiz kümüş baýraga, jübüt bolup çykyş etmekde bolsa iň ýokary baýragyň eýesi boldy.

Jübütleýin duşuşyklarda ýekelikde çykyş eden finalçylar Süleýman Hudaýberdiýew hem-de Pakistandan Mohammed Hassan Usmani bilelikde çykyş edip, garşydaşlarynyň hiç birine ýeňmäge mümkinçilik bermediler. Çärýek finalda olar Iordaniýadan Omar Haşemini we Saif Haşemini – 6:1, 6:1 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňdiler, ýarym finalda dürli milletlerden bolan Markus Lorenso Godan (Filippinler) hem-de Fahad Saifden (Yrak) – 7:5, 6:2 hasabynda üstün çykdylar, finalda bolsa Saud Arabystanyndan gelen ikinji belgide çykyş eden jübütler Ana Alzahraniden we Suhail El-Taji El-Farukiden super taý-breýkde – 7:5, 4:6, 10:8 hasabynda üstün çykdylar.

Sylaglanyş dabarasynda Süleýman Hudaýberdiýewe baýraklary dünýä tennisinde ady rowaýata öwrülen, 2008-nji ýylda ýekelikde we 2016-njy ýylda jübüt bolup çykyş etmegiň olimpiýa çempiony, Uly tuwulga ýaryşlarynyň 22-siniň, «Masters» tapgyryndaky ýaryşlaryň 36-synyň ýeňijisi, Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogynyň bäş gezek eýesi Rafael Nadal gowşurdy.

Süleýman Hudaýberdiýew sport bilen meşgullanmagy Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde 8-nji synpda okamak bilen üstünlikli utgaşdyrýar, iňlis diline erkin erk edýär. Tälimçi Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň tälim bermeginde tennis bilen meşgullanýar.