10.12.2024. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda Aşgabada gar ýagdy. Türkmen halkynda gar ýagmagy, gyş pasly bilen baglanyşykly dürli nakyllar, atalar sözi kän. Ak gary bolsa asly halal türkmen ak arzuwyna, päk niýetine deňeýär. Şonuň üçin hem halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Bu bolsa ak reňkiň ýagty günleriň, ajaýyp durmuşyň buşlukçysydygyny aňladýar.
Güneşli ýurdumyzda gyşyň gadryny çagalar has gowy bilýärler. Olar üçin gyş düşmegi, asmandan peşmekläp akja garyň ýagmagy, daşary çykyp ak gardan garadam ýasamak, garyň üstünde aga-ýana oýnamak durmuşyň iň bir ajaýyp, iň bir şatlykly pursady.
Türkmen gyşy mylaýym, ýumşak bolýar, gar hem tiz wagtdan diňýär. Ýöne bu az wagtlyk ýagan gar ulularyňam, çagalaryňam kalbyny Täze ýylyň, täze ýyl sowgatly Aýazbabanyň ýetip gelýändigi baradaky ýakymly duýgulardan doldurdy.
www.sportcom.gov.tm