Türkmen paýtagtynda badalga alan «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ilkinji güni türkmen tennisçileri üçin şowly boldy.
Ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirilýär. Bu ýaryşda ýekelikdäki we jübütleriň bäsleşiklerinde 14 ýaşdan uly bolmadyk tennisçiler çykyş edýär. 12 ýurda, ýagny Beýik Britaniýa, Hindistana, Eýrana, Iordaniýa, Gazagystana, Malaýziýa, BAE, Pakistana, Täjigistana, Türkiýä, Özbegistana we Türkmenistana wekilçilik edýän 63 türgen (35 oglan we 28 gyz) özara bäsleşýär.
Bäsleşikler oglanlaryň saýlama oýunlary bilen başlady we olaryň netijesinde Malaýziýadan Gareth Lim Hao Je, BAE-den Rashid Aljemsi we Ali Saleh Al Ali Ali ýaryşyň esasy bölümine girmäge hukuk gazandylar.
Türkmenistandan bu ýaryşa 20 oglan we 22 gyz türgen gatnaşýar. Türkmen türgenleriniň arasyndan oglanlaryň ýekelikdäki bäsleşiklerinde Emirhan Rustamow (1-nji orunda ýerleşdirilen), Ýasin Faýzullaýew, Ilyas Mammetgulyýew, Aly Geldiýew, Erkin Altyýew, Kerimgeldi Welibegow, Alyryza Meredow, Ýunus Annamyradow, Eýupbeg Atajanow, Süleýman Hudaýberdiýew (2-nji orunda ýerleşdirilen) we Muhammetsapa Serdarow ikinji tapgyra geçdiler.
Gyzlaryň ýekelikdäki bäsleşiklerinde türkmen türgenlerinden Leýli Esenowa, Ksenýa Sorokina, Safiýa Tribunskaýa, Selbi Altyýewa, Sähra Garaýewa, Sülgün Işankulyýewa, Imiliýa Kambarowa, Anna Ponýatowa we Aýnur Atajanowa ilkinji tapgyrdan üstünlikli geçdiler. Şeýle-de, birinji tapgyrda oýnaman ikinji tapgyra geçen Ilima Guseýnowa, Aýlara Kakabaýewa, Aýnur Annamyradowa we Näzli Hudaýkulyýewa hem bäsleşige aýgytly oýunlara taýýrlyk görýär.
Ýaryş dowam edýär.