Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa sport hünärmenleridir ýokary okuw mekdepleriň talyp toparlary gatnaşdy. Dabara turuwbaşdan baýramçylyk ruhuna beslendi. Ýokary okuw mekdebimiziň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz, tans toparynyň çykyşlary, toplumyň meýdançasynda peýda bolan ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Uniwersiadanyň esasy maksady sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlarymyzyň Bütindünýä uniwersiada we beýleki abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň üstümizdäki ýylda türkmen sportunyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaş türgenleri ýüze çykarjakdygyna uly ynam bildirilýär. Bu ýaryşda şowly çykyş eden türgenleriň halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine çagyrylmak mümkinçiligi hem bar. Şonuň üçin Uniwersiada köp sanly tejribeli halypalaryň we milli ýygyndy toparlarymyzyň tälimçileriniň hem üns merkezindedir
«Türkmen sporty» gazeti