Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Hançžou (Hytaý) şäherinde uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen karate boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.
Aziýa karate federasiýasynyň (AKF) geçiren çempionatyna 30 ýurtdan güýçli türgenleriň 356-sy gatnaşdy, olar diňe bir katada we kumitede medallar ugrunda bäsleşmän, eýsem, noýabr aýynda Pamplonada (Ispaniýa) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk üçin hem göreşdiler.
Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda kumite boýunça bürünç medal gazandy, bu ýaryşda 19 türgen baýrak ugrunda bäsleşdi. Ol bu üstünlige barýan ýolda üç ýeňiş gazandy.
Maý aýynda D.Nazmyradow Samarkantda geçirilen 9-njy Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandy we awgust aýynda Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi.
Dawut Nazmyradow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nazmämmet Şatlykgulyýewiň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi 5-nji dan gara guşagyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämlleşdirýär.
«Türkmen sporty» gazeti