Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky mekdeplerde we desgalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler guralýar. Şeýle ýaryşlaryň biri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebinde geçirilip, suwda ýüzmek bilen meşgullanýan oglan-gyzlar şol ýaryşlarda öz başarnyklaryny görkezdiler.
Sport mekdebiniň geçirilmeli ýyllyk sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli guralan «Güýzki startlar» atly ýaryşda ady agzalan mekdebe suwda ýüzmek boýunça türgenleşýän oglan-gyzlaryň 25-si wekilçilik etdi. Baýramçylyk bäsleşikleriniň jemi boýunça sport mekdebiniň türgenleriniň 10-sy 1-nji orny eýeledi. Ýene 7 türgen kümüş medala, 4 türgen hem bürünç medala mynasyp boldy.
Rawza NABIULLINA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.