Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy (FIG) Morinari Watanabe Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyň çäklerinde iki günlük sapar bilen Türkmenistanda boldy. Türkmenistanyň paýtagtyna sapary döwri FIG-iň baştutanynyň ýolbaşçylygynda Aziýanyň gimnastika birleşiginiň (AGU) başlygy Ben Saad Al-Şatri we AGU-nyň wise-prezidenti Timur Abduwaliýew boldular.
65 ýaşly Morinari Watanabe 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň gadymy sport guramasy bolan Halkara gimnastika federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Halkara gimnastika federasiýasy 1881-nji ýylyň 23-nji iýulynda döredildi we häzirki wagtda Ýewropa, Panamerika, Aziýa, Afrika we Okeaniýa wekilçilik edýän yklym bileleşikleriniň bäşisiniň 160-dan gowrak milli federasiýasyny birleşdirýär. Halkara gimnastika federasiýasy sport gimnastika (erkekler we zenanlar), çeper gimnastika, sport aerobika, sport akrobatika, batutda bökmek, parkur ýaly ugurlara ýolbaşçylyk edýär. Gimnastika 1896-njy ýylda geçirilen ilkinji Olimpiýa oýunlaryndan bäri Olimpiýa maksatnamasyna girizilendir.
Ýokary derejeli myhmanlaryň saparynyň maksady Türkmenistanda gimnastika sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.
Aşgabatda bolan döwri halkara gimnastika guramalarynyň ýolbaşçylary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşdylar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparowyň we Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary A.Akmämmedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar ýurdumyzda gimnastikanyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň dowamynda dünýä gimnastika bileleşiginiň ýolbaşçylary milli ýygyndy toparynyň Olimpiýa şäherçesindäki türgenleşik binýadyna baryp, tälimçiler we ussat türgenler bilen söhbetdeş boldular. Morinari Watanabe Türkmenistanda tälim almak üçin ajaýyp şertlere haýran galýandygyny aýdyp, Halkara gimnastika federasiýasynyň Türkmenistanda sportuň şu görnüşiniň ösmegine doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler, bu ýerde tutuş adamzadyň medeni mirasyna ummasyz goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň baý nusgalary we ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.
«Türkmen sporty» gazeti