Soňky habarlar

Futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy Grenlandiýanyň toparyny uly hasap bilen utdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Grenlandiýanyň toparyny 5:0 hasabynda utdy. Oýun Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirildi, bu ýerde Mergen Orazowyň toparlary Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Özbegistanyň we Gonkongyň toparlary bilen boljak duşuşyklara taýýarlyk görýärler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ýygyndy toparymyzdan 2-nji iýunda 35 ýaşyny belleýän Elman Tagaýew iki, Didar Durdiyew, Şanazar Tirkişow we Alybek Abdurahmanow hersi bir pökgi geçirdiler.

Bu türkmen futbolynyň taryhynda Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen geçirilen ilkinji duşuşyk boldy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen geçirilen synag duşuşygy 6-njy iýunda Daşkentde Özbegistanyň we 11-nji iýunda Aşgabatda Gonkongyň toparlary bilen Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda türkmen futbolçylary üçin gowy synag bolar diýip umyt edýäris.