Soňky habarlar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy başlandy

5-nji maýda duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. 

Futzal toparlarynyň altysynyň Türkmenistanyň çempiony adyny almak ugrunda göreşýär. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» – Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we TNGIZT Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine hem-de «Turan» – Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler.

Tapgyryň birinji duşuşygynda «Köpetdag» Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZT topary bilen deňme-deň oýnady – 3:3. Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Mergen Ataýewiň türgenleşdirýän «Senagatbank» topary «Migrasiýadan» – 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyryň ýene-de bir duşuşygy – «Deňizçi» bilen «Turan» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 7-nji maýda geçiriler.

Ilkinji dört tapgyr Aşgabatda – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirilýär.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.

«Türkmen sporty» gazeti