Golaýda ýeňil atletika boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Onda 2005-2006-njy we 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýaş ýeňil atletikaçylar güýç synanyşdylar. Bu ýaryş ýaş türgenler üçin özboluşly tejribe bolup, onda guralan dürli bäsleşikler öz dartgynlylygy bilen tapawutlandy.
Ilki bäsleşikler dürli aralyga ylgamak boýunça geçirildi. Onda erkekleriň arasynda Yaran Şanazarow (100 we 200 metr), Orazmyrat Çarymyradow (100 metr), Mülkaman Annabaýew, (200 metr), Nurali Akmyradow (400 metr), Mekan Suhradow (400 we 800 metr), Rejepmuhammet Gurbangeldiýew (3000 metr) ýeňiji boldular. Uzynlygyna bökmekde bolsa Ý.Şahnazarow bilen Orazmyrat Jümmiýew deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başardylar.
Soňra bäsleşikler ýadro zyňmak boýunça ýaýbaňlandyryldy. Muhammet Gylyjow ýeňil atletikanyň bu görnüşinden gowy netije görkezmegi başardy. Naýza zyňmakda Mustapa Rozyýew tapawutlandy.
Gyzlaryň arasyndaky bäsleşikler hem netijeli çykyşlara baý boldy. Bellenen dürli aralyklara ylgamakda Waleriýa Belousowa (100 we 200 metr), Gülşen Aşyrmyradowa (100 metr), Leýli Berdiýewa (800 metr) hem-de Selbi Saftyrowa (800 metr) ýeňiji boldular. Uzynlygyna bökmekde bolsa Gülşen Sahatowa bilen Wiktoriýa Pirwerdowa üstünlik gazanmagy başardylar. Naýza we ýadro zyňmakda bolsa Milana Prozorowa bilen Meryem Nepesowa gowy netije bilen bäsleşigi jemlediler.
«Türkmen sporty» gazeti.