Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Galkanyň» hokkeýçileri üçünji uly ýeňişlerini gazandylar

Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşda Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu bäsleşikdäki 3-nji uly hasaply ýeňişlerini gazandylar. Birinji oýunda Bahreýnden gelen topary 8:1, ikinji tapgyrda Omanyň hokkeý toparyny 15:1 hasabynda ýeňen türkmen hokkeýçileri Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyny ýeňdiler-13:1.

Üçünji tapgyrdaky ýeňişden soň, «Galkanyň» hokkeýçileri «A» toparçada öňdeligi eýelemeklerini dowam etdirýärler.

Türkmenistana wekilçilik edýän topar 18-nji aprelde (ýerli wagt bilen 10:00-da) Özbegistanyň «Feniks» kluby bilen duşuşar.