Soňky habarlar

Sport arkaly baýramlary dabaralandyrýarys

Saglyk üstünlik gazanmagyň ilkinji şertidir. Munuň özi işjeň durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy aňladýar. Ýurdumyzda ynsan saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. Bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň maksady halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketiniň, sportuň ösdürilmegine, bu ugra ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly üns berilýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak ýaşlarda tutanýerliligi, zähmetsöýerligi, durmuş işjeňligini ösdürýär. Bu bolsa jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň baş şertidir.

Her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Şu ýyl hem aprel aýynda baýramçylyk çäreleri bize garaşýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäklerinde Bütindünýä saglyk gününi uludan tutmaga taýýarlyk görýär. Bu ýyl Bütindünýä saglyk güni köpsanly sport hem-de medeni-dynç alyş çärelerine beslener.

«7/24.tm»: 25.03.2024