Soňky habarlar

Lukmanlar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygy mekdebiň direktory Ö.Atalyýew açyp, wagyz-nesihat ähmiýetli çäräniň gün tertibini mäim etdi. Ol Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny hem-de öňde goýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan ähmiýetli işleriň many-mazmunyna ünsi çekdi. Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň bölüm müdiri D.Hamraýewa ösüp gelýän ýaş nesliň ýaramaz endiklerden we pişelerden daşda durmalydygy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmalydygy hakyndaky maglumatlary möhüm deliller arkaly düşündirdi.

Soňra mekdebiň direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary J.Muradowa çykyş edip, tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň zerurlygyny nygtady. Ol okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmeginiň hökmany talapdygyny degerli deliller arkaly beýan etdi.

Wagyz-nesihat maslahatynyň ahyrynda türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, sport bilen hünär derejesinde meşgullanmagy hem-de Watana gerekli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdyldy.

«Türkmen sporty».