Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri möhüm ýaryşlarda çykyş edýärler

BOKSÇYLARYMYZ HALKARA ÝARYŞYNA GATNAŞÝARLAR

Boks boýunça milli ýygyndy toparymyzyň wekilleri şu günler 31-nji ýanwar ― 3-nji fewral aralygynda dostlukly Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilýän boks boýunça Halkara ýaryşyna gatnaşýarlar.

Toparda  8 türgen, 1 tälimçi we topar ýolbaşçysy bar.

 

AZIÝA ÇEMPIONATYNA GATNAŞARLAR

Ýurdumyzyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri 3 ― 10-njy fewral aralygynda dostlukly Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşarlar.

Toparda 14 türgen, 4 tälimçi, şeýle-de emin, owkalaýjy we lukman bar.

 

Selbi BÄŞIMOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.