Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Ahal» okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda 

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol kluby şu günler okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary bilen bagly dostlukly döwletlerde iş saparyny amala aşyrýar.

Toparda 30 türgen, 15 wekil bar. Olar dostlukly Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde 31-nji ýanwar ― 14-nji fewral aralygynda, soňra 20-nji fewral ― 5-nji mart aralygynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşarlar.