Soňky habarlar

AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY

2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça   V Aziýa oýunlarynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralaryny kabul eden 45 müň tomaşaçylyk Aşgabat Olimpiýa stadiony dünýäniň iň gowy stadionlaryň dalaşgärleriniň sanawyna goşuldy. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabat Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda gurlan Ahal-teke bedewiniň kellesi dünýäde iň uly at kellesi şeklindäki heýkel hökmünde Ginnesiň dünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Binada gurnaljak halkara bäsleşikler: Sportuň futbol we ýeňil atletika görnüşleri boýunça halkara derejeli çempionatlary, ýaryşlary we okuw türgenleşik sapaklary geçirmäge mümkinçilgi bar.

  • Tebigy otly futbol meýdança we ýeňil atletika zolagy bar.
  • Egin –eşik çalşyrylýan we duş otaglar,
  • Oýun meýdançanyň ölçegleri : 204x118 m.

Jemi tomaşaçy sany: 45 281 orunlyk.

  • VVIP-133 orun,
  • VIP – 815 orun,
  • Olimpiýa komitetleri we sport federasiýalary üçin (CIP) – 2020 orun,
  • Metbugat üçin – 79 orun,
  • Maýyplar üçin – 499 orun,

Binada mundan başga:

  • 4 sauna,
  • 9 mejlisler zaly,
  • 38 bufet.