Soňky habarlar

Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary

Dzýudo boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy topary şu ýylyň 2 ― 8-nji fewraly aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek «Uly tuwulga» halkara ýaryşyna we okuw türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar.

10 türgenden, 3 tälimçiden we 1 lukmandan ybarat bolan milli ýygyndymyzyň bu çärelere şu ýylyň 12 ― 21-nji ýanwary aralygynda Awstraliýa Respublikasynyň Mittersill şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda, soňra 26 ― 31-nji ýanwar aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» halkara ýaryşynda we okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolmak bilen barýandygyny bellemelidir.

Bu okuw-türgenleşik ýaryşlarynyň milli ýygyndy toparymyzyň türgenleriniň şu ýylyň 19 ― 23-nji maýy aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek Dzýudo boýunça dünýä çempionatynda, Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda, şeýle-de dostlukly döwletlerde tapgyrlaýyn geçirilýän «Uly tuwulga» ýaryşlarynda şowly çykyş etmekleri üçin mynasyp ýardam boljakdygyny aytmak bolar.

 

Madina MAHMUDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.