Türkmen türgenleri Dohada (Katar) geçen Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň (IWF) Gran-Pri baýragy ugrundaky hünärleýin olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etdiler.
Oýunlarda türkmen agyr atletikaçysy Bunýad Raşidow agramlygy silterläp götermek boýunça altyn medaly we iki oýnuň jemi boýunça bürünç medaly gazandy. 23 ýaşly B. Raşidow 67 kilograma çenli agram derejesinde jemi 298 kilogram (silterläp götermekde ― 141, itekläp götermekde ― 157) netijäni görkezdi. Netijede türkmen agyr atletikaçysy 2022-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Iwan Dimowdan (Bolgariýa) 2 kilogram, Hançžouda geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Won Džu Rudan 19 kilogram yza galdy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gaýgysyz Töräýew 81 kilograma çenli agram derejesinde iki oýnuň jemi boýunça 338 kilogram netije görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy. G. Töräýew silterläp götermek boýunça 150 kilogram agramlygy, itekläp götermek boýunça 188 kilogram agramlygy kellesinden ýokary göterip saklady.
Türkmenistanly türgen Şahzadbek Mätýakubow altyn medaly eýeledi. Türkmen agyr atletikaçysy iki oýnuň jemi boýunça 371 kilogramy ― silterläp götermek boýunça 167, itekläp götermek boýunça 204 kilogram agramlyklary göterdi. Gazanan netijesi türgene iki altyn we bir kümüş medaly bagyş etdi. Iki oýnuň jemi boýunça kümüş medal ermenistanly Dawid Owannisýanyň paýyna düşdi (370 ― 170 we 200), bürünç medaly bolsa KHDR-den gelen türgen Ýan Te eýeledi (362 ― 161 we 201).
Oýunlaryň zenanlar böleginde 76 kilograma çenli agram derejesinde Tokioda geçen Olimpýa oýunlary ― 2020-niň 59 kilograma çenli agramlykdaky wise-çempiony Polina Gurýewa medallara çenli birnäçe ädim ýetmän saklandy.
Anamjan Rustamowa kümüş medalyň eýesi boldy. Türgen bu üstünligi 87 kilograma çenli agram derejesinde, 7 ýurtdan gelen 8 agyr atletikaçynyň arasynda giden bäsdeşlikde gazandy. A. Rustamowa iki oýnuň jemi boýunça 231 kilogram ― silterläp götermekde 105 kilogramy we itekläp götermekde 126 kilogramy galdyrdy.
Türkmenistandan bu oýunlarda agyr atletikaçylaryň 13-si (9 erkek türgen we 4 zenan türgen) çykyş etdi. Dohadaky oýunlar 14-nji dekabrda tamamlandy.
«7/24.tm».