Soňky habarlar

Türkmenistanyň wekili Halkara kuraş assosiasiýasynyň statistika komitetine ýolbaşçylyk eder

Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistan Kuraş federasiýasynyň başlygy Serdar Ataýew Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) statistika komitetine ýolbaşçylyk eder. Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen IKA-nyň kongresiniň 53 wekiliniň hemmesi biragyzdan ses berdi.

Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), Aziýa we Okeaniýa Kuraş Konfederasiýalarynyň agzalygyna kabul edilenden soň, 2015-nji ýyldan bäri dünýä çempionatlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp gelýär. Aşgabatda geçirilýän häzirki dünýä çempionatyna çenli watandaşlarymyz Eýranda, Türkiýede, Koreýa Respublikasynda we Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynyň 4-sine gatnaşyp, jemi 2 altyn, 7 kümüş we 12 bürünç medal gazandy.  

www.turkmenistan.gov.tm