Soňky habarlar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan media- forum

«Sport»  myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça XIV dünýä   çempionatyna bagyşlanan media-forum geçirildi. Media-foruma diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň hem metbugat wekilleri gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylar çempionatyň dürli taraplary, şol sanda guramaçylyk, türgenleri taýýarlamak, kuraşyň sport hökmünde ähmiýeti we meşhurlygy, şeýle-de metbugatda berilýän habarlar barada pikir alyşdylar.

Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň prezidenti Haýdar Farman forumda çykyş edip, bu çäräniň Türkmenistan we dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetini belläp geçdi.

Media-forum  kuraş ýaryşynyň ähmiýetini açyp görkezmekde maglumat goldawy bolup hyzmat etdi. Şeýle-de, çykyş edenler Türkmenistanda uly meşhurlykdan peýdalanýan bu sport görnüşini dünýä arenasynda wagyz etmekde metbugatyň ornuna ünsi çekdiler.

www.turkmenistaninfo.gov.tm