Soňky habarlar

Ynamy ödemek üçin dünýä çempionatyna ýokary depginde taýýarlandyk

Bosagasynda duran sport baýramçylygymyz bolan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda bize milli ýygyndy toparymyzyň agzasy Döwlet Hemrakulyyýew bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Döwlet Hemrakulyýew Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talybydyr.

— Biziň ähli ynamymyz ― ýeňişlere! Men ozaly bilen özümiň şu Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndy toparymyzyň agzalygyna seçilip alnanlygym üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerimi beýan etmek isleýärin. Men özüme bildirilen bu beýik ynamy ödemek üçin ýaryşlara ýokary depginlerde taýýarlyk görýärin.

Öň şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançjou şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 66 kilogram agram derejesinde çykyş etdim. Şeýle-de, üstümizdäki ýylda öz agram derejämde çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony diýen belent derejä mynasyp boldum. 23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boljak Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda hem üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň sport abraýyny geljekki belent basgançaklara çykarmaga öz goşandymy goşaryn diýip ynandyrýaryn.

Ilkinji tälimçim Lebap welaýatynyň Farap şäherçesinde ýerleşýän 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, halkara derejeli sport ussady Batyr Hojakulyýew. «Netijeli sporty ösdürmek meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz biz ― türgenler üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýärler. Bu gezekki Dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründe buýsanjymyz, gözguwanjymyz bolan Arkadag şäherimiz biz ― türgenler üçin özüniň sport desgalarynyň gapylaryny giňden açdy. Biz milli ýygyndy toparymyz bolup, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygynda ýokary derejede türgenleşikleri geçdik.

Bize durmuşda öňde goýan maksadymyza ýetmegimiz, okap, öwrenip, zamanabap hünärmenler we türgenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Žaloleddin BALTABAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.