Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlandyrylmagynyň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat yklym we dünýä derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmündäki ornuny berkidýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ajaýyp günlerinde ýurdumyz ýene bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlygyň jemleýji tapgyrynda. Bu dünýä çempionatyny guramaçylyk babatda hem, ýaryşda medallar ugrunda göreşmekde-de jogapkärçilikli çemeleşilýär.
Ine, gözel paýtagtymyz Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge taýýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumy birbada 5 müňden gowrak janköýere sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berer. Bu desgada türgenleriň, tälimçileriň ýaryşa taýýarlanmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň kadaly işlemegi, janköýerleriň wagtyny hoş geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. 2016-njy ýyldan bäri Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlaryň birnäçesi, şol sanda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty, guşakly göreş boýunça halkara ýaryş, sambo boýunça Aziýanyň çempionaty, kikboksing boýunça yklymyň birinjiligi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşikleri üstünlikli geçirildi. Soňky ýyllarda bu döwrebap desgada abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi we olaryň tälimçilerini sylaglamak dabaralarynyň hem ýokary derejede geçirilendigi onuň täze ýeňişleriň meýdançasyna öwrüljekdigine ynam döredýär.
Şu gezekki dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde, zenanlar bolsa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşerler. Pälwanlar medal toplumlarynyň 15-si ugrunda göreşer. Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.
55-e golaý döwlete wekilçilik etjek 250 çemesi türgeniň arasynda guraljak ýaryşda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin erjel pälwanlaryň 15-si saýlanyp alyndy. Olar daşary ýurtlarda we Arkadag şäheriniň döwrebap sport desgalarynda birnäçe okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda türgenleşýän erkekler milli ýygyndymyzyň düzümine pälwanlaryň 7-si girer: Wepa Awliýakulyýew (60 kg), Döwlet Hamrakulyýew (66 kg), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg), Daýanç Omirow (81 kg), Sanjar Abdyrahmanow
(90 kg), Ruslan Esgerow (100 kg) hem-de Sapa Sapaýew (+100 kg). Zenanlar ýygyndy toparymyzda türgenleriň 8-si: Aýşirin Haýdarowa (48 kg), Aýnur Amanowa (52 kg), Gülşat Annaýewa (57 kg), Dinara Rozykulowa (63 kg) Mariýa Lohowa (70 kg), Sabina Kadyrowa (78 kg), Jahan Muhammedowa (87 kg) hem-de Sabina Agajanowa (+87 kg) halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde ýaryşa taýýarlanýar.
Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk toparyna girýän düzümleriň gatnaşmagynda maslahatlardyr duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Olarda dünýä çempionatynyň geçiriljek sport desgasyny ýaryşa taýýarlamak, türgenleri we myhmanlary garşy almak we myhmanhanalarda ýerleşdirmek, gatnaşyjylary ähli gerekli şertler bilen üpjün etmek, dünýä çempionatyny wagyz etmek ýaly dürli ugurlar bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Barha ýakynlaýan dünýä çempionatynyň türgenlerimiz üçin üstünlikli geçmegini, janköýerlere bolsa ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etmegini arzuw edýäris.
«Türkmen sporty».