Soňky habarlar

Bilelikdäki maslahat

Şu günler 23 – 28-nji noýabrda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk işleri dowam edýär. Elbetde, eziz Diýarymyz ozal guralan iri ýaryşlardyr çempionatlarda ýokary guramaçylyk derejesini görkezip, bu ugurda baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem halkara we dünýä derejesindäki bäsleşiklerde türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyna abraý goşýar.

Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, daşary ýurtly türgenlerdir tälimçileri kabul etmegiň, olara çempionatyň geçirilýän döwründe ýokary myhmansöýerlik görkezmek we ýaryşlaryň çäginde türgenleşik şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak tutluşyklary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä ýaýmak, ýaryşa gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetlere ýörite terjimeçi we ýardam beriji meýletinçiler toparlaryny berkitmek, ähli ýaryşa gatnaşyjylar üçin internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny gazanmak we beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi.

 Ýatlap geçsek, Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde 60-dan gowrak toparyň gatnaşmagynda geçirildi. Şonda başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň türgenleri dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Gözel paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynda hem kuraş boýunça pälwanlarymyza şowly çykyş edip, üstünlik gazanmagy arzuw edýäris.

«Türkmen sporty».