Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň ilki bilen ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär.
Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.
Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.