Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny berkitmek, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistanda sport we olimpiýa hereketini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanda sport hereketi ýyldan-ýyla ilerleýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde döwlet derejeli «akylly şäher» bolan Arkadag şäheri döredildi. Onda halkara ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp sport toplumlary guruldy. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin Arkadag şäherinde Köpugurly sport toplumy, stadion we Sport merkezi ― Sportuň suwdaky görnüşleri toplumy guruldy.
Häzirki wagtda türkmen türgenleri ― 2023-nji ýylyň 23 ― 28-nji noýabrynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýanlar Arkadag şäherindäki sport toplumlarynda ýokary depginde türgenleşik geçýärler.
Mälim bolşy ýaly, Kuraş boýunça 14-nji çempionat 2023-nji ýylyň 23 ― 28-nji noýabrynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.
2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport hereketini ösdürmek babatda hyzmatlarynyň giňden ykrar edilýändigini görkezýär.