Soňky habarlar

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Žurnalyň nobatdaky sany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana iş saparyna bagyşlanan makala bilen açylýar.

Duşanbe şäherinde, «Kasri Millat» köşgünde, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi bolup geçdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Madina Mahmudowanyň makalasy bu bolup geçen taryhy mejlise, onda döwletiň durmuş-ykdysady ösüşleriniň jemleri barada gelnen netijelere, şeýle hem geljek döwür üçin kesgitlenilen wezipelere bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, ýurduň Bitaraplyk ýörelgelerini berkitmekde goşan uly goşantlary göz öňünde tutulyp, döwletiň yzygiderli ösüşi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkemegi, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we doganlygyň berkemegine gönükdirilen başlangyçlary, ýurdumyzyň şan-şöhratynyň we abraý-mertebesiniň ýokarlanmagy üçin alyp baran işleri üçin, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy.

Žurnalyň täze sanynda şeýle hem täze döredilen Arkadag şäherine, onuň häzirki zaman infrastrukturasyna we sport desgalaryna bagyşlanan köp sanly makalalar berlipdir.

Okyjylar žurnalyň sahypalaryndan Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde bolup geçen etnosport boýunça halkara festiwaly we onda türkmen türgenleriniň çykyşlary barada makalalary hem okap bilerler.

Milli ýygyndy toparymyzyň Parižde bolup geçjek Bütindünýä sport forumynda sportuň haýsy görnüşleri boýunça çykyş etjekdikleri barada «Türkmenistan Olimpiada 2024-e taýýarlanýar» diýen makalada gürrüň berilýär.

Sport janköýerlerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli göreş göreşlerine bagyşlanan maglumatlar hem gyzyklandyrsa gerek.

Belki-de, käbirlerimiz sazyň ömri uzaldýandygyna, kitaplaryň bolsa saglyk üçin peýdalydygyna haýran galmak bilen göz ýetireris. Bu barada awtorlarymyz gürrüň berýärler.

Žurnalda şeýle hem «Sport we žurnalistika», «Sport we sungat» diýen ugurlar boýunça makalalar toplumy berlendir.

«GDA-nyň sport paýtagty» atly rubrika astynda berlen makalardan 2025-nji, 2026-njy ýyllarda bu derejä eýelik etjek ýurtlar barada maglumatlary bilmek bolar.

Žurnalyň okyjylary «Watan» gazetiniň fotohabarçysy Maksat Gylyjow barada hem okap we gyzykly maglumatlary alyp bilerler.

Türkmen tomaşaçylarynyň köpüsi bireýýämlerden bäri Gurban Berdiýewiň tälimçilik ýoly bilen içgin gyzyklanyp gelýärler. Ildeşimiz häzirki wagtda birinji ligadaky rus futbol klublarynyň birine tälim berýär. «Täze toparda üstünlik hemraňyz bolsun, Guran Bekiýewiç!» diýen makala türkmen tälimçisine üstünlik arzuw etmek bilen ýazylypdyr.

Internet neşirleriň üsti bilen biz size ady rowaýata öwrülen «Barselona» topary bilen Orta Aziýa futbol weteranlarynyň Bişkek şäherinde bolup geçen ýoldaşlyk duşuşygy barada hem gürrüň bereris.

«Aýdaky oýnuň taslamasy» atly makalada 2035-nji ýylda Aýda bolup biljek hyýaly futbol oýny barada aýdylýar.

Hormatly okyjylar! Biz futbol dünýäde iň giňden ýaýran sport görnüşidir diýip pikir edýäris. Ýöne bu edil beýle-de däl eken. Bu barada «Haýsy sport has meşhur?» diýen makalada gürrüň berilýär. 

2023-nji ýylyň iýulynda 1933-nji ýylda «Moskwa ― Garagum ― Moskwa» ugry boýunça geçirilen XX asyryň iň iri awtoýörişleriniň birine 90 ýyl doldy. Siz bu ýörişiň kynçylyklary, oňa gatnaşanlaryň gahrymançylyklary barada «Bir awtoýörişiň taryhyndan» atly makaladan gyzykly maglumatlary alyp bilersiňiz.

Žurnalda meşhur türkmen futbolçysy we tälimçisi Berdimyrat Nurmyradow bilen guralan söhbetdeşlik hem çap edilipdir. Okyjylara hünärmeniň futbol hakynda pikirleri, durmuş ýoly we beýleki maglumatlar gyzykly bolup biler.

Adamyň islendik ýagdaýynda gormonlaryň uly ähmiýeti bardyr. «Bagt gormony: nädip keýpi sazlamaly» diýen makala bilen tanyşmak bilen, siz hemişe nepesi dury ýagdaýda bolup bilersiňiz.

Futbolda şahsyýetler hemişe hormatlanýar. Türkmen futbolçylarynyň «Altyn topuň» eýeleriniň garşysyna neneňsi oýnandyklary hakynda siz «Türkmen futbolçylary «Altyn topuň» eýelerine garşy duruşlary» atly makaladan gyzykly pursatlary tapyp bilersiňiz.

Okyjylar žurnaldan başga-da köp sanly öwredijilikli we gyzykly makalalary okap bilerler.