Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara maslahatyň Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak atly 14-nji bölümçe mejlisi geçirildi.
Bu maslahata daşary ýurt döwletlerinden halkara federasiýalaryň wekilleri, onlaýn görnüşinde sport bilermenleri, şeýle-de ýurdumyzyň federasiýalarynyň, Olimpiýa we Paralimpiýa komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiň wekilleri gatnaşdylar.
Olar öz çykyşlarynda türkmenistanly türgenleri 2024-nji ýylda geçiriljek Pariž Olimpiadasyna ylmy esasda taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle-de, beden, psihologik we beýleki ugurlar boýunça geçirilen tapgyrlaýyn taýýarlyklar barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüş özgerişlere beslenýän zamanamyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy barada bellediler.
Gülälek GAJYÝEWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baş hünärmeni.