Soňky habarlar

Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň oýunlary geçirildi

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän sport toplumynyň meýdançasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Oýun gününiň ilkinji duşuşygynda «Senagatbank» Daşoguz şäheriniň «Turanyny» 6: 1 hasabynda ýeňdi. Beýleki iki oýunda çempionatyň öňdebaryjysy «Köpetdag» topary «Gümrükçini» 8: 4 hasabynda ýeňse, häzirki çempion «Deňizçi» TNGIZT-den (Türkmenbaşynyň nebiti gaýtdan işleýän zawodlar toplumy) 4: 1 hasabynda üstün çykdy.

Bu duşuşyklardan soň «Köpetdag» esasy bäsdeşlerinden arany açdy. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Köpetdag» 32 utuk, «Deňizçi» 28 utuk, «Senagatbank» topary 23 utuk toplady.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 12-nji, 13-nji we 14-nji tapgyrlarynyň oýunlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýändigini ýatladýarys.