Soňky habarlar

Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda şu ýyl paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň ýurdumyza gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň Kuraş göreş federasiýasynyň jogapkär işgärleri hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Ýeri gelende bellesek, bu wekiliýet Halkara Kuraş assosiasiýasynyň halkara gatnaşyklary we oýunlar boýunça wise-prezidentinden, baş kätibinden, tehniki guramaçylyk bölüminiň direktoryndan hem-de assosiasiýanyň administrasiýasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň Kuraş göreş federasiýasynyň hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekýän pursatlary sport ýurduna öwrülen Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň iň abraýly sport guramalarydyr federasiýalar tarapyndan ykrar edilýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Bu hakykat Halkara Kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda hem öz beýanyny tapdy.

Halkara Kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň nobatdaky dünýä çempionatynyň geçiriljek ýurduna — Türkmenistana  gowşurylýan pursatlary bolsa has-da ýatda galyjy boldy.

Elbetde, şeýle ajaýyp sport baýramçylyklarynyň geçirilmeginiň eziz Diýarymyza ynanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan sazlaşykly ösdürilýändiginiň hem-de dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.