Soňky habarlar

Çendudan gelip gowşan hoş habar

Ýakynda gelip gowşan hoş habar talyplar sporty boýunça milli mekdebimiziň taryhyna iň möhüm wakalaryň biri hökmünde girdi. Türkmen gyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde geçýän tomusky Uniwersiadada uly üstünlige eýe boldy.

Ajaýyp netije Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgözel Gurbangeldiýewa tarapyndan gazanyldy. Zehinli gyz uşu sanda boýunça 52 kilogram agram derejesindäki bäsleşige çykdy. Pakistanly Fizza Fizzany ýeňlişe sezewar etmegi ildeşimiziň ýaryşdaky ynamly çykyşynyň başlangyjy boldy. Aýgytlaýjy duşuşyga çykmak üçin guralan tutluşykda fransiýaly Ruggieri Maiweni ýeňip bilmedik türkmen gyzynyň netijesi ýurdumyzyň baýrak gaznasyna tomusky Uniwersiadanyň bürünç medalyny getirdi.

Türkmen sportunyň taryhyna tomusky Uniwersiadalarda uşu sanda boýunça gazanylan ikinji üstünlik hökmünde giren ajaýyp netije talyp türgenlerimizi has-da uly üstünliklere ruhlandyrdy.

Mähri AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmeni.